Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmak üçin ygtybarly binýat goýuldy


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:



— Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmak üçin ygtybarly binýat goýuldy
Ministrler Kabinetiniň giňişleyin mejlisi we Halkara ahalteke atcylyk assosiasiyasynyň X mejlisi

24-nji aprelda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X ýubileý mejlisi geçirildi. Bilelikde geçirilen mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine on ýyl dolýandygyny belläp, hemmeleri bu şanly sene hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we atçylygy ösdürmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.