TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NEBITGAZ PUDAGYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NEBITGAZ PUDAGYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI



25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, dünýäde bar bolan häzirki çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, önümçiligi ösdürmegiň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.