AK ÖÝLER — agzybirligiň nyşany


AK ÖÝLER — agzybirligiň nyşany



Halkymyzyň agzybirliginiň, Watan berkararlygynyň nyşany bolan ak öýler ähli welaýatlarymyzyň merkezleriniň bezegine öwrüldi. Bu gün «Türkmeniň ak öýi» binalarynda tutulýan berkararlyk toýlary dünýä ýaň salýar.
2015-nji ýylyň noýabr aýynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde açylan «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýaňlanan hormatly Prezidentimiziň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymy ýerine ýetirenleriň sanynyň köplügi boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.
2017-nji ýylyň oktýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda açylan «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty geçirildi.
2021-nji ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabarasy bilen utgaşdy.
2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
2021-nji ýylyň 21-nji iýulynda Daşoguz welaýatynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabarasy boldy.