Agzybirlik, parahatlyk-ösüşlere badalga


Agzybirlik, parahatlyk-ösüşlere badalga



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly şygary bilen ýurdumyz günsaýyn gülläp, ösüşlere tarap barýar. Watanymyzyň ýene bir taryhy senelere beslenjek «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýilip yglan edilen bu ajaýyp ýylymyz ilkinji günlerinden başlap, her bir güni taryhy wakalara beslenýär.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uludan toýlamana taýýarlyk görýär. Garaşsyzlyk baýramy parahatçylygyň we abadançylygyň, agzybirligiň we jebisligiň Garaşsyzlyk – buýsanjydyr. Hormatly Prezidentimiz «Garaşsyzlyk» diýen düşünjäniň: «Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Bu beýik hem-de çuň manyly sözde ata – babalarymyzyň erkin, özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar ýaşamak baradaky iň süýji arzuw maksatlary, eziz Diýarymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir» diýen parasatly sözler bilen beýan edýär. Bu paýhasly jümleler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetine berlen mynasyp bahadyr. Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda binalaryň we desgalaryň dabaraly açylyp, ulanmaga bermek boýunça we geçiriljek çäreleriň ýokary gurmaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtaýar. Ösüşiň belent sepgitlerini nazarlaýan bu ajap günler ýurdumyzyň her bir sungat işgärini hem täzeden – täze eserleri döretmäge ruhlandyrdy.
Garaşsyzlygymyzyň saýasynda, parahat Watanyň gujagynda, öz bilimlerini kemsiz artdyrýan, bu şanly senelere beslenýän günlerde ýaşajyk suratkeşler hem öz döredijiliklerinde bagtyýar çagalygy sungat eserlerinde ussatlyk bilen janlandyrýarlar. Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň zehinli ýaşlary hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen sungatyny we daşary ýurt sungatlaryny içgin öwrenýärler we özleşdirýärler. Olar öz alýan bilimleriniň daşyndan mekdepde nakgaşçylyk, grafika, amaly-haşam, sungatyň nazaryýeti ugurlary boýunça bilim alýarlar.
2-nji çagalar çeperçilik mekdebimizde birnäçe zehinli ýaşlar bilim alyp, olardan nakgaşçylyk bölüminiň 4-nji synp okuwçylary Artykowa Aýnur, Ahmedowa Dürbike, Çaryýewa Ogulsenem we 3-nji synp okuwçylary Geldiýew Hezretaly, Aýdogdyýewa Aýsenem, Baýramgeldiýewa Merýem döreden nakgaşçylyk eserlerini suwly reňkleriň kömegi bilen ýerine ýetirip, arassa, açyk reňk öwüşgünleriniň üsti bilen türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny, ajaýyp diýarymyzyň gözel keşbini ussatlyk bilen beýan edýärler. Bu eserleriň her birini synlanyňda çaga kalplaryndan syzylyp çykýan hormatly Prezidentimize bolan minnetdarlygy we buýsanjy duýmak bolýar. Arkadag Prezidentimiziň çuňňur paýhasly sözleri bagtyýar nesillerimiziň ýüreginde sena bolup ýaňlanýar. Watanymyzyň abraý mertebesini belende göterýän, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Gülnur HUDAÝNAZAROWA