MAGTYMGULY DIÝIP ADYM TUTSALAR


MAGTYMGULY DIÝIP ADYM TUTSALAR

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň zenanlar guramasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň, merkeziň ilkinji zenanlar guramasynyň hem-de Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, şahyryň umumadamzat ähmiýetli ömri-döredijiligine bagyşlanan «Mermerden howuzly, köwserden suwly» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary, medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler dana we akyldar şahrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen we dünýä medeniýetinde tutýan orny, edebiýatymyzy mazmun taýdan baýlaşdyran, halkylygy-milliligi ösdüren, durmuş-ýaşaýyş bilen baglanyşdyran beýik söz ussadynyň ömri hem-de watançylyk, ynsanperwerlik, belent adamkärçilik baradaky giň mazmunly döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şahyryň şygyrlarynyň çeper okaýyşlary maslahata aýratyn öwüşgin çaýdy.

Akyldar şahyryň döredijiliginde «Magtymguly diýip adym tutsalar» diýen ajaýyp bir setir bar. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmeniň beýik ogullarynyň sarpasy belent tutulýar, olaryň ady, halkyň durmuşynda bitiren hyzmatlary dünýä ýaýylýar.

Magtymguly adamzat gymmatlygynyň genji-hazynasyna şahyrana döredijiligi bilen uly goşant goşan şahyr. Magtymgulynyň döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, bütin dünýäde meşhurlyga eýe. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine döwlet hem dünýä derejesinde goýulýan uly hormatdan nyşandyr.

Goý, Magtymguly ýaly beýik söz ussatlarymyzyň, taryhy şahsyýetlerimiziň adynyň we umumadamzat ähmiýetli döredijiliginiň dünýä derejesinde dabaralanmagynyň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri baky dowam bolsun.