TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK



20-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň golaýda saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramynyň gelmegi bilen birek-biregi gutladylar hem-de dostlukly goňşy döwletleriň halklaryna parahatçylyk we bagt arzuw etdiler. Döwlet Baştutanymyz gadymdan bäri ynsanperwerlik, hoşniýetlilik hem-de haýyr-sahawatlylyk ýaly, müdimi ynsan gymmatlyklaryny ündeýän mukaddes Gurban baýramynyň külli musulman ymmatynda özara düşünişmegiň we raýdaşlygyň pugtalanmagyna mundan beýläkde ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Seýed Ebrahim Raisini golaýda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagt, rowaçlyk arzuw etdiler.