Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny hem-de habar beriş serişdelerini ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi
23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk görnüşde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilen işler barada hasabatlary diňläp, 2021-nji ýylda, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynda bu ulgamyň öňünde durýan wezipeleriň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça köp işleriň ýerine ýetirilendigini, munuň bolsa, uly üstünlikleri gazanmaga ýardam edendigini belledi.
Medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek boýunça çäreler görüldi, olaryň işiniň hukuk binýady berkidildi. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň welaýatlarynda teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, gazet-žurnallaryň, radio-telewideniýäniň we beýleki ugurdaş edaralaryň täze, döwrebap binalary guruldy. Bu edaralar taýýarlykly hünärmenler bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösüşine goşýan saldamly goşantlary üçin, medeniýet işgärlerimize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, döwür öňe barýar, durmuş özgerýär, biziň öňümizde täze-täze wezipeleri goýýar diýip belledi. Şolaryň üstünlikli çözülmegi Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny uly üstünliklere beslemäge mümkinçilik berer.
Şol wezipeleriň hatarynda ýurdumyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, halkara abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrmak işleri bar. Şolary amala aşyrmaga medeniýet ulgamynyň işgärleri hem işjeň gatnaşmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işiň esasy ugurlaryny kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz medeniýet ministrine we bu ulgamyň edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna taýýarlyk işleriniň meýilnamasyny taýýarlamak barada görkezme berdi, bu işleriň ýurdumyzyň ähli medeni edaralarynda giň gerimde geçirilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow kitaphanalarda, muzeýlerde we beýleki medeni ojaklarda bu şanly sene mynasybetli zähmet weteranlary, ýazyjy-şahyrlar bilen duşuşyklary, döredijilik we aýdym-sazly agşamlary yzygiderli gurap durmagy tabşyrdy.
Ýurdumyzyň teatrlarynda döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ösüşini, ýeten belent sepgitlerini giňden açyp görkezýän döwrebap sahna eserleri goýulmalydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyran beýik işlerimizi, geçirýän özgertmelerimizi dünýä ýüzüne giňden ýaýmak maksady bilen, çagalaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini, şol sanda halkara surat bäsleşigini guramaly.
Medeniýet edaralarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlar, şol sanda talyp ýaşlar bilen ýaşuly nesilleriň wekilleriniň duşuşyklaryny gurap, milli däp-dessurlar, ahlak gymmatlyklary, maşgala mukaddeslikleri, zähmetsöýerlik baradaky söhbetdeşlikleri geçirip durmaly.
Şeýle hem milli Liderimiz çeper döredijilige, aýdym-saza höwesli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň arasynda dürli bäsleşikleri, festiwallary, gözden geçirişleri yzygiderli guramak, olary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halkymyza yzygiderli ýetirmek boýunça işleriň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz şöhratly taryhymyz bilen dünýä bileleşigini tanyşdyrmak babatda muzeýleriň işi barada durup geçmek bilen, olaryň beýleki döwletleriň iri muzeýleri bilen hyzmatdaşlyk edip, olarda geçmişimize, milli medeniýetimize we sungatymyza degişli gymmatlyklaryň sergilerini guramagyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini hem giňden mahabatlandyrmagyň zerurdygy bellenildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygyna hem-de onuň habarlar serişdeleriniň ýolbaşçylaryna birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz garaşsyz ösüşiniň ýolunda döwletimiziň gazanan üstünliklerini beýan etmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy, onda Agentlik boýunça edilmeli işleri anyk kesgitlemegi tabşyrdy.
Bitarap döwletimiziň daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri, parahatçylyk diplomatiýasyny we öňe sürýän halkara başlangyçlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmelidir.
Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş babatda gazanýan üstünlikleri hakynda habar-makalalary taýýarlap, halkara habar beriş serişdelerinde yzygiderli çap edip durmak möhümdir. Şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda geçirilen syýasy özgertmeler we gazanylan durmuş-ykdysady üstünlikler barada habarlar toplumyny taýýarlanylmalydyr hem-de metbugatda yzygiderli çap edilmelidir.
Ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň elektron hem-de metbugat, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «2021-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary bilen makalalar toplumynyň çap edilmegini guramaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Özara ähtnamalara we ylalaşyklara gol çekmek arkaly abraýly daşary ýurt habarlar agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek işini dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz halkara habar beriş ulgamlarynda resmi sahypalary we toparlary döretmek arkaly Türkmenistan hakynda ygtybarly maglumatlary dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek işini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygyna hem-de teleradioýaýlymlaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Iş meýilnamasyny düzüp, onda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň ýokary hilli bolmagyny gazanmagy, olary däp-dessurlarymyzy, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny göz öňünde tutup taýýarlamagy we ýaýlyma goýbermegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Teleradioýaýlymlarda halkymyzyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny we ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlary giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri täzeçe, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, taýýarlanýan gepleşiklerde ahlak kadalaryna, sagdyn durmuş kadalaryny jemgyýetimizde ornaşdyrmaga, ýaşlarda ýaşuly nesle we halkymyzyň mukaddes gymmatlyklaryna hormat goýmagy terbiýelemek meselesine uly üns berilmelidir.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli çäreleri taýýarlamak boýunça degişli ýolbaşçylaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Şol işleriň hatarynda milli teleradioýaýlymlaryň döredijilik toparlarynyň arasynda bäsleşikleri we mediaforumlary geçirmek, onlaýn mediaforumlaryny hem-de tanyşdyryş çykyşlaryny guramak, Garaşsyz döwletimiziň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän filmleri surata düşürmek bar.
Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan uly üstünliklerini beýleki döwletleriň teleýaýlymlarynda giňden beýan etmek boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigi bellenildi.
Milli Liderimiz döwlet komiteti bilen daşary ýurt teleradioýaýlymlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklary baglaşyp, milli hünärmenler üçin onlaýn okuwlaryny guramagyň ýola goýulmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet neşirýat gullugynyň ýolbaşçysyna hem-de gazet-žurnallaryň redaktorlaryna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň meýilnamasyny düzmegi, onda gullugyň düzümleriniň alyp barmaly işlerini anyk görkezmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler baradaky dürli görnüşde taýýarlanan habar-makalalaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda internet saýtlarynda we elektron gazetlerinde giňden beýan edilmegine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz neşirýat gullugynyň önümçilik kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirip, olaryň ýokary hilli poligrafiýa serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmelidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, metbugat öýi toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmagy dowam etmegiň möhümdigi bellenildi. Şol işler neşir önümleriniň ýokary hilli çykarylmagyny gazanmaga, ulgam üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz milli mirasymyza, şöhratly taryhymyza, meşhur şahsyýetlerimize bagyşlanan çeper kitaplary köpräk çap etmek meseleleri barada durup geçmek bilen, kitaplaryň internet söwdasyny, okyjylaryň isleglerine görä elektron we audiokitaplaryň söwdasyny ýola goýmagy tabşyrdy.
Neşirýat-çaphana ulgamynyň kärhanalarynyň käbirini hususylaşdyrmak meselesini öwrenip, bu ugurda degişli işleri geçirmek barada aýratyn görkezmeler berildi.
Milli Liderimiz ýurdumyzda gazet-žurnallaryň elektron görnüşine elýeterliligi giňeltmek, kagyzda çap edilýän gazet-žurnallar üçin sarp edilýän serişdeleri tygşytlamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Mämmedowa hem-de medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny örän guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek üçin çäreleriň Meýilnamasyny düzüp, şanly ýubileýe medeniýet işgärleri gowy taýýarlyk görmegi, baýramçylyk dabaralaryny we çärelerini geçirmek boýunça Guramaçylyk komitetini döretmek hakyndaky kararyň taslamasyny taýýarlamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz şol çäreleriň ähli welaýat merkezlerinde, şäherdir obalarymyzda örän guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ulgamyň her bir ýolbaşçysynyň ýubileý ýylynda öz etmeli işlerini, öňünde duran wezipeleri anyk bilmelidigini, wagt ýitirmän, bu işlere häzirden taýýarlyk görüp başlamalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň işiniň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek boýunça işleri güýçlendirip, bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisi bilen degişli işleri geçirmegi ulgamyň öňünde durýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli žurnalistleri taýýarlamaga aýratyn üns bermelidigini nygtady. Žurnalistler döwrebap sanly fotokameralardan, kompýuterlerden, dizaýn işlerinden hem oňat baş çykarmalydyr. Milli Liderimiz žurnalistika boýunça halypa-şägirtlik ýolunyň ösdürilmelidigini belledi.
Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda döredilen örän baý medeni mirasyny aýawly saklamak, dikeltmek, hemmetaraplaýyn öwrenmek, geljekki nesillerimize ýetirmek we mundan beýläk-de baýlaşdyrmak meseleleri babatda ulgamyň ýolbaşçylaryna aýratyn tabşyryklar berildi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamy üçin sowatly, başarjaň ýolbaşçy işgärleri taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz ýolbaşçylaryň wezipe borçlary üçin jogapkärçiligini has artdyrmalydygyny belledi.
Biz halkyň kalby hasaplanýan medeniýeti mundan beýläk-de ösdürmäge, ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyzy gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga we giňden wagyz etmäge, ýaş nesillerimizi watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge mundan beýläk-de uly üns bereris.
Hormatly Prezidentimiz ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek boýunça işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmek üçin geljekde hem yhlasly zähmet çekjekdigine berk ynam bildirdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, ata Watanymyzy, milli medeniýetimizi şöhratlandyrmagyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.