HEREKET SAGLYKDYR
Her bir ynsan, ýaşyna garamazdan, hemişe hereketde bolmalydyr. Hereketliligiň adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr. Onuň hataryna beden maşklary, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, welosiped sürmek, gimnastika, aerobika ýaly görnüşler girýär. Gündelik hereketde bolmak sagdynlygy, işe ukyplylygy, adamyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär. Fiziki maşklar bedene syrdamlyk bermek bilen çäklenmän, eýsem, işden, okuwdan soňky ýadawlygy aýryp, saglygy berkidýär, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar. Şeýle-de bedeniň çeýeligini, el-aýak myşsalarynyň işjeňligini, gan aýlanyşygyny sazlaýar.