Döwlet Baştutanymyz täze desganyň gurluşygy bilen tanyşdy we iş maslahatyny geçirdi


Döwlet Baştutanymyz täze desganyň gurluşygy bilen tanyşdy we iş maslahatyny geçirdi



13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde bolmagynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň haýyşy boýunça 400 orunlyk köpugurly hassahananyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan gurluşygy bilen tanyşdy we bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.
Milli Liderimiz maslahaty jemläp, adamlaryň abadan durmuşy hakyndaky aladanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň maksatnamasynda öz beýanyny tapmalydygyny nygtady hem-de hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady.