Türkmenistanda öňdebaryjy ýaşlaryň 140-syna Ýaşlar baýragy gowşuryldy
Şu gün — 17-nji noýabrda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününe gabatlanyp, ýurdumyzyň işjeň ýaşlaryny sarpalamak, olara Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden medeniýetde, ylymda we tehnikada, bilimde, terbiýeçilik işinde, sportda, saglygy goraýyşda hem-de beýleki ugurlarda has tapawutlanan ýaşlaryň 140-sy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.
Olaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, aspirantlary, talyplary we mekdep okuwçylary, döredijilik toparlarynyň agzalary, žurnalistler, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bar.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda esaslandyrylyp, şol ýyldan bäri hem beden we ruhy taýdan ösen, zähmetsöýer, başarjaň, Watana wepaly nesli terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar.