«Bilimler we talyp ýaşlar güni» uly dabara beslendi
2020-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly «Bilimler we talyp ýaşlar güni» mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabara Türkmenistanyň döwlet senasy bilen başlanyp, hormatly Arkadagymyzyň baýramçylyk mynasybetli iberen gutlagy okaldy. Hormatly Prezidentimiziň ýollan gutlagy talyp bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlaryň ählisiniň göwün guşuny ganatlandyrdy.
Soňra professor mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ady bilen ilkinji okuw sapagy geçildi. Ilkinji okuw sapagynda Arkadagymyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan tutumly işleri we ýaşlaryň öz hünärlerinden oňat baş çykaryp bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredilip berilýän mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň edildi.
Sapak tamamlanandan soňra 1-nji ýyl talyplar Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýi we halypanyň döredijilik ýoly bilen tanyşdylar.
Geçirilen dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.