PAÝTAGTYMYZ MYHMANLARY GARŞYLADY
Mälim bolşy ýaly, 12-13-nji maýda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa
döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanla-ryň
dialogy geçirilýär. Düýn bu iri halkara çärelere gatnaşýan daşary ýurtly
wekiliýetleriň agzalary paýtagtymyza geldiler.
Aşgabat Halkara howa menzilinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Rus-siýa Federasiýasynyň parlamentleriniň palatalarynyň ýolbaşçylarydyr wekille-ri, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň geňeşiniň Baş sekretarynyň hem-de beýleki myhmanlaryň garşylanmagy üçin ýokary gura-maçylyk derejesi üpjün edildi. Myhmanlaryň milli däp-dessurlarymyza laýyk-lykda garşylanmagy,
köçeleriň ugrunda forumlara gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň, dürli
dillerdäki ýazgylardyr bezegli diwarlyklaryň bolmagy halkymyzyň myhmansö-ýerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
«Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji
gezek geçirilýän Parlamentara forum we zenanlaryň dialogy däp bolan dostluk-ly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek
gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolar. Şeýle hem sebitde hyzmatdaşlygy goldamak, syýasy, ykdysady, durmuş ul-gamlarynda parlamentara dialogyň ornuna aýratyn ähmiýet bermek, durnukly ösüşi üpjün
etmäge gönükdirilen derwaýys çözgütleriň kabul edilmeginde parlamentarilere
hem-de zenanlara giň mümkinçilik döretmek bilen bagly ugurlarda täze gözýe-timleri açar.
«Türkmenistan»
gazeti.