Oba maksatnamasy hereketde: obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak — ykdysady ösüşiň şerti Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary


Oba maksatnamasy hereketde: obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak — ykdysady ösüşiň şerti
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary



17-nji iýunda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek milli Liderimiziň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugrudyr.
Şunda obasenagat toplumynyň kuwwatynyň artdyrylmagy sebitleriň toplumlaýyn durmuş-ykdysady ösüşiniň, oba ilatynyň amatly ýaşaýyş-durmuş hem-de döredijilikli zähmeti üçin amatly şertleri döretmek wezipeleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz dikuçarda Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän ak ekin meýdanlarynyň ýanyna geldi. Bu daýhan birleşigi soňky ýyllarda Balkan welaýatynyň iri obasenagat merkezine öwrüldi hem-de Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Milli Liderimiz gallaçy-kärendeçi Tagandurdy Baýramgulyýewiň ekin meýdanynyň ýanyna gelip, ekerançynyň işleri, kärendesine alan ýeriniň möçberi, bugdaýyň hasyllylygy, şeýle hem daýhanlar üçin döredilen mümkinçilikler bilen gyzyklandy. Daýhanyň gürrüň berşi ýaly, ol 40 ýyla golaý ekerançylyk bilen meşgullanýar, 17 gektar meýdany kärendesine alyp, bugdaýyň «Bereket» görnüşini ösdürip ýetişdirýär hem-de her gektardan 40 — 45 sentner hasyl almagy meýilleşdirýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň ekerançylyk ýerleriniň we önümçilik desgalarynyň ýerleşýän ýerine tarap ugrady. Bu daýhan hojalygy Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň golaýynda ýerleşýär. 2013-nji ýylda döredilen daýhan hojalygynyň Bereket etrabyndaky ekin meýdanynyň umumy möçberi 393 gektar bolup, onuň 343,7 gektaryna ot-iýmlik ekinleri ekilýär, önümçilik desgalarynyň ýerleşýän ýeriniň meýdany 50 gektara golaý.
Bu ýerde «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Täçmyrat Tuwakow hormatly Prezidentimizi mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy bilen gürrüňdeş bolup, onuň alyp barýan işleri, maşgala ýagdaýy, hojalygyň öndürýän önümleri hem-de onuň önümçilik desgalarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy.

T.Tuwakow milli Liderimize hojalykda ýerine ýetirilýän işleriň gerimini giňeltmegi, dowarlaryň we iri şahly mallaryň sanyny artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýdyp, hojalygyň berk ot-iýmlik binýadynyň döredilýändigini nygtady. Häzirki wagtda hojalygyň mekgejöwen ekilen meýdanynyň möçberi 50 gektara barabardyr. 50 gektara golaý ýerde bolsa ýorunja ösdürilip ýetişdirilýär. Soýa ekilen ýeriň meýdany bolsa 24 gektara barabardyr. Şeýle hem hojalygyň bugdaý, arpa we beýleki ekinler üçin niýetlenen 222 gektardan gowrak sürümli ýeri bar.