«Ýol hereketiniň howpsyzlygy- ömrümiziň rahatlygy»
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsyzlygy- ömrümiziň rahatlygy» ady bilen ýol-ulag hadysalaryň öňüni almak, raýatlaryň abadan bolmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý etmek barada çagalar bagynda, orta mekdeplerde gürrüňdeşlikler geçirilýär. Şol sanda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý etmek barada gürrüňdeşlik geçirildi we mekdebiň okuwçylaryň arasynda bäsleşik yglan edildi. Şol bäsleşik esasynda mekdepde sergi gurnaldy. Bu sergide Öwlýägulyýew Gaýratmyradyň çeken suratynda uly köçelerde ýörite ýerasty geçelgelerden peýdalanyp raýatlar öz howpsyzlygyny gazanmalydygyny görkezipdir. Meläýewa Göwheriň çeken suratynda ýol yşyklaryna seredip ýoldan geçmelidigini kiçi ýaşly çagalaryň ene-atalar elinden tutup geçmelidigini düşündirýär. Allaberdiýewa Çeperiň çeken suratynda ýol hereketiniň belliklerini her bir raýat gije-gündiz aýdyň görer ýaly ýiti reňkde ýerine ýetirilipdir. Şeýle-de bu suratda bellikleriň bir näçesini görkezip olara hökman üns bermelidigini ündeýär.
Bu sergide okuwçylaryň ýol hereketiniň düzgünlerini dogry düşünendiklerine aýdyň göz ýetirýäris.
Goý, kuwwatly Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ykballarymyzyň ajap günleri röwşen geljegimiziň şamçyragyna öwrülsin! Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-owazasy has belende galsyn! Türkmen milletiniň we döwletiniň, türkmen Bitaraplygynyň mertebesini tutuş dünýäde belent derejelere ýetiren hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!