«Berkarar döwletiň bagtyýar döwri – hoş gelipsiň Watanymyza Täze ýyl»


«Berkarar döwletiň bagtyýar döwri – hoş gelipsiň Watanymyza Täze ýyl»



Täze «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bosagamyzda. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäher Medeniýet müdürliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar döwri – hoş gelipsiň Watanymyza Täze ýyl» ady bilen baýramçylyk mynasybetli ýörite döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Zehinli, şekillendiriş sungatyna höwesli okuwçylaryň ählisiniň çaga kalplaryndan syzdyryp döreden sungat eserleri mekdebiň sergi meýdançasyna aýratyn bezeg berdi. Täze ýyl baýramçylygynyň gyzykly pursatlaryny öz eserlerinde janlandyran Aşgabat şäher Medeniýet müdürliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň ýeňiji bolan okuwçylaryna hormat hatlary we täze ýyl sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda ýaş zehinlileri ýüze çykarmak üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.