SUNGATLARYŇ SÖHBEDI


SUNGATLARYŇ SÖHBEDI



Gojaman Hazaryň türkmen kenary bu gün halkara çäreleriniň, maslahatlaryň, forumlardyr sergileriň geçirilýän ýerine öwrüldi. 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti geçiriler. Ýaňlanjak aýdym-sazlar dostluk ýollaryny has-da ýakynlaşdyrar. Biz hem bu halkara çärä gatnaşýan ýurtlaryň milli aýdym-sazlarydyr tanslary hakynda söhbet etmegi makul bildik.

Dünýä ykrarly küştdepdi
Hazaryň kenary diýlende ilki bilen gazal sesleri, küşt depýänleriň şowhuny hakydaňda janlanýar. Küştdepdiler ýerine ýetirijilik aýratynlygy, täsin hereketi bilen dünýä halklarynyň tanslaryndan düýpgöter tapawutlanýar. Haýal hereketler bilen başlanýan küştdepdi gazalyň aýdylyş tizligine görä batlanyp başlaýar.
Şeýle-de her bir gazal bendiniň arasynda «Eý-ýaheý», «eý-ha», «huw-ha» ýaly zikirleriň aýdylmagy küştdepdi-de joşgunyň artmalydygyny habar berýär. 2017-nji ýylda «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni-mirasynyň sanawyna girizilmegi onuň dünýädäki ykrary boldy.

Tansyň dili
Özbegistanyň baý aýdym-saz, tans sungaty bar. Esasan, zenanlar tarapyndan ýerine ýetirilýän milli tanslar aýdymyň mazmunyny açyp görkezýär. Özbek tansçy zenanlarynyň el, kelle we boýun bilen edýän täsin hereketleri bütin dünýäde meşhurdyr. Gyzykly ýeri, tanslaryň hereketleri, ýerine ýetiriliş tizligi her welaýata görä üýtgeýär. Muňa mysal hökmünde Andijan tansyny, garyn tansyny, çaga tansyny, Buhara tansyny görkezmek bolar. Gülüm, lazgi, burdam, dorboz ýaly tanslar bolsa asyrlaryň dowamynda üýtgewsizligine ýerine ýetirilip gelinýär. Maşal, sim dor, dorboz ýaly çylşyrymly hereketli tanslar diňe bir sirk sahnasynda däl, ilatyň köpçülikleýin üýşen ýerlerinde hem ussatlyk bilen ýerine ýetirilýär.
Dürli tanslar ýerine ýetirilende gyjak, gopuz, setor, dombra, dutar, tanbur, ud, rubab, sibizik, balaman, surnaý, naý, kernaý, doýra, nagara, koşuk ýaly saz gurallary bilen çalynýan sazlar halkyň milli aýratynlygyny açyp görkezýär.

Gadymyýete uzaýan kökler
Häzirki zaman sungatynda milli folkloryň özen bolup durmagy dünýäniň tas islendik halkyna mahsus. Bu ýagdaý gyrgyz medeniýetine-de mahsus. Gyrgyz aýdym-saz, tans sungatynyň gözbaşlaryna nazar aýlanyňda manasçylar—gezende dessançylar, sazandalar bilen birlikde kobuz kakyp dürli tans dessurlaryny ýerine ýetirýän şamanlara gözüň kaklyşar. Şeýle-de wargan, sabyzgy, çopo-çur, komuz, kyl ýaly üflenip çalynýan saz gurallary gyrgyz medeniýetiniň esasy aýratynlygy hasaplanýar. Dessançy aýdymçylara gyrgyzlarda aýratyn hormat-sarpa goýulýar.

Gahrymançylyga ýugrulan eserler
Gazak halk aýdym-sazlarynyň aglaba bölegini gahrymançylyk temasy tutýar. Gopuz, dombra, dowul, dangyra, sabyzgy, tokyldak ýaly saz gurallarynda ýerine ýetirilýän sazlar toýlaryň bezegi. «Karakereý Kaban baý batyr», «Bogenbaý batyr», «Sabalak», «Oljaý batyr», «Janybek batyr», «Otegen», «Raýymbek», «Berdihoja batyr» ýaly gahrymançylyk aýdymlary bilen birlikde gazaklarda «Žar-žar», «Koştasu», «Tanysu», «Toý bastar» ýaly toý aýdymlary häzirki wagtda-da uly söýgä mynasyp. Gara ýorga, aýy tansy, düýe tansy, gaz hatar, towşan we bürgüt ýaly tanslar gazak halkynyň çarwa durmuşy hakynda gürrüň berýär. Gazak tanslaryny zenanlara garanyňda erkek adamlar has köp ýerine ýetirýär.

Düýbi bir sungat
Täjik aýdym-sazlary dünýä halklary tarapyndan söýlüp diňlenilýär. Bu halkyň saz gurallary birnäçe topara bölünýär. Olara koşuk, kaýrok, safoil, patnis, zang, labçang — idiafon saz gurallary; doýra, nagara, rez nagara — membrafon saz gurallary; kanon, çang, rubab, ud, tanbur, sato, dumbra — hordafon saz gurallary; kuşnaý, bulaman, naý, surnaý, kernaý — aýerofon saz gurallary degişlidir.
Täjiklerde «Nowruzy Buzurg», «Nowruzy Horo», «Boýçeçak», «Saýry güli» ýaly, diňe Nowruz baýramynda aýdylýan aýdymlaryň ençemesi bar. Aýdym-saz sungatynyň esasyny «On iki mukam» we «Şaşmak» ýaly saz toplumlary tutýar. «Buzruk», «Rost», «Nawo», «Dugoh», «Segoh», «Irok» ýaly bölümlerden ybarat bolan şaşmak saz toplumy diňe bir täjik däl, özbek halkynyň hem milli sazlary hasaplanylýar. Şol sebäpden 2003-nji ýylda şaşmak saz toplumy Täjigistanyň we Özbegistanyň halklarynyň gadymy mirasy hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle-de täjiklerde bürgüt tansy, ýolbars tansy, tilki tansy, leglek tansy, dört ritm, küýzeli gyz, raks ýaly tanslar gadymy döwürlerden bäri meşhurdyr.

Ýazbibi Annagurbanowa