GÜNÜŇ ÝITI ŞÖHLESINDEN GORANYŇ!


GÜNÜŇ ÝITI ŞÖHLESINDEN GORANYŇ!



► Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden goranyň.
► Irden sagat 09:00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýip daşary çykmak, ýanyňyz bilen saýawan götermek, arassa agyz suwuny almak maslahat berilýär.
► Yssy günlerde daglara, açyk meýdanlara gezelenje gitmekden saklanyň.
► Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar lukman gözegçiliginde bolmaly. Gan basyşyny, gandaky süýjiniň mukdaryny gözegçilikde saklamaly, lukman tarapyndan bellenilen derman serişdelerini we berhizi doly hem dogry berjaý etmeli.
► Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmak maslahat berilmeýär.
► Şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerine eýeriň.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.