HALYPA PENDI


HALYPA PENDI

hakyda

Ýaşlykdan milli saz gurallary bilen içgin gyzyklanamsoň, Görogly etrabyndaky çagalar sungat mekdebinde Balyş Rejebowdan dutar çalmagyň, aýdym aýtmagyň başlangyç tärlerini ele aldym. Soňra Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde bu ugurdan okuwymy dowam etdirip, halypa bagşylaryň aýdymdyr sazlary, dessandan bölekleri ýerine ýetirişlerine höwes bilen tomaşa ederdim.

2011-nji ýylda dessançylyk ýolunyň ägirtleriniň biri bagşy Öre şyhyň ogly, Türkmenistanyň halk bagşysy diýen hormatly adyň eýesi, birnäçe şägirtleri ýetişdiren Hojamyrat Öräýew bilen görşüp, söhbetdeş bolmagy, başardygymdan dutarda saz çalyp, aýdym aýdyp bermegi ýüregime düwüp, öýlerine bardym. Şonda halypanyň ogly Baky Rejebow: «Kakam şu wagt ýarawsyzrak. Lukmanlar oňa rahatlyk gerek diýdiler. Ýöne sen yhlas edip gelipsiň, maňa aýdyp beräý, öz garaýşymy aýdaýyn, maslahat bereýin» diýdi.

Baky Rejebow hem ýaşlykdan kakasynyň elinde tälim alyp, ilki Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde, soňra Türkmen döwlet medeniýet institutynda okap, halypalyga ýetipdi. Birhili keýpim gaçan ýaly bolsa-da, üç-dört sany saz çaldym, türkmen halk aýdymy «Ýaşylbaşy» aýdyp berdim. Baky aga meni ünsli diňledi, ýöne aýdym gutaran badyna, ony daşary çagyrdylar. Garaşyp oturyşyma aňyrky otagda ýatan Hojamyrat halypa meni ýanyna çagyrdy. Ol ilki kimdigimi, kimiň ogludygymy sorady. Soňra:

— Inim, saz çalşyň erbet däl, ýöne birhili kemter gaýdýan ýerleriň bar, gowuşgynsyz hereket edýäň. Dutar çalaňda, ýürekden, bar yhlasyň bilen çalmasaň, uzaga gitmersiň. «Ýaşylbaşy» aýdanyňda-da sözlerinde säwlik goýberýäň. Aýdymyň sözlerini ýoýup aýtsaň, manysy ýitýär. Wagt geler, senem halypa çykarsyň. Şonda ýaşlara ýalňyş öwretseň, gaty uly hata etdigiň bolar. Bu inçe sungaty nesilden-nesle geçirmekde hiç hili ýalňyşlyk goýbermek bolýan däldir. Şuny berk ýadyňda sakla, ýoluň ak bolsun! — diýdi.

Ömrüni aýdym-saz sungatyna bagyşlan halypanyň saglyk ýagdaýynyň pesligine garamazdan, meni üns bilen diňländigine hem-ä begendim, hemem haýran galdym. Halypanyň bu pendini men sungat ýolunda ýol-ýörelge edinip geldim.

Çaryýar BERDIÝEW