Örtük dakyn! Hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!


Örtük dakyn! Hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!



Gyşda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, pasla görä gün tertibini dogry alyp barmak, howanyň derejesine laýyklykda geýinmek zerir bolup durýar.
Lukmanlaryň bellemegine görä, ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň howa-tozan ýoly hem bar. Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy adam bedenine täsirini ýetirýär. Tozanly we sowuk howanyň täsiri bilen käbir adamyň elleriniň deri örtüginde gyzarma, awuşama ýaly allergik ýagdaýlar we deri örtüginiň sowuklamasy ýüze çykýar.
Häzirki döwürde howadaky tozan bölejikleriniň kadadan artmagy hem-de howanyň derejesiniň peselmegi netijesinde, adamlaryň ýokary dem alyş beden agzalarynyň nemli bardasynda hem edil şol görnüşdäki üýtgeşmeler ýüze çykyp bilýär. Netijede, adaty ýiti respirator keseliň has agyr geçmegine getirýär. Dürli gaýraüzülmelere sebäp bolýar. Şonuň üçin hem her birimiziň agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmagymyz zerurdyr. Örtügi dogry ulanyň, nädogry ulanylanda, dem alyş ýollaryna howadaky tozan bölejikleri düşýär! Agyz-burun örtügi ýokanja garşy netijeli böwetdir.
Lukmançylyk agyz-burun örtügini ulanmazdan öň, hökman, eliňizi sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdelerden peýdalanmaly! Dakynanyňyzdan soň, agzyňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi oňat örter ýaly, onuň maýyşgak gysgyjyny burnuňyza görä egreltmeli hem-de epinlerini düzetmeli. Örtügi dakynýan wagtyňyzda, oňa eliňizi degirmezlige çalyşmaly. Agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzda, ýörite tutawaçlaryndan tutmaly. Ulanyp bolanyňyzdan soň bolsa, ony ýapyk zibil gaplaryna taşlamaly.
Agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzdan soň hem hökman eliňizi sabynlap ýuwuň. Bir gezeklik örtügi 2 sagatdan köp ulanmazlyk maslahat berilýär. Galyberse-de, ýokanç kesellerden goranmak üçin diňe agyz-burun örtüklerinden peýdalanmak ýeterlik däldir. Bu işi 2 metr howpsuz aralygy saklamak, elleriňizi wagtly-wagtynda sabynlap ýuwmak, şahsy arassaçylygy berjaý etmek bilen utgaşdyryň we şu ýönekeý kadalary gündelik endigiňize öwrüň! Eger siz şu düzgünleri berjaý etseňiz, ýylyň bütin dowamynda öz saglygyňyzy gorap bilersiňiz!
Agyz-burun örtüklerini dakynmak, öz saglygyň babatda bolşy ýaly, daş-töweregiňdäkiler baradaky aladadan hem nyşandyr.