Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi


Aşgabatda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi



31-nji awgustda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda hem-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.