«Magtymguly öwüt bergil söz bile» atly edebi-sazly duşuşyk geçirildi


«Magtymguly öwüt bergil söz bile» atly edebi-sazly duşuşyk geçirildi



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bu ýokary okuw mekdebiň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly öwüt bergil söz bile» atly edebi-sazly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ylmy-usulyýet müdirliginiň redaktor usulçysy Baýram Goçmyradow Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy barada gyzykly gürrüňleri berdi.

Döredijilik duşuşygynyň myhmany Baýram Goçmyradow Magtymguly Pyragynyň «Bilmezmiň» atly goşgusyny okap, bu goşgyny talyp ýaşlara sözme-söz derňäp berdi. Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp şygyrlarynda halkyň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmek, iman baýlygyny gazanmak ýaly juda köp meseleleri özüniň liriki gahrymanynyň keşbine örän uly ussatlyk bilen siňdirip, çeperçiligiň şirin-şerbetine ýugrup suratlandyrýar.

Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Atamyrat Baratowyň «Ýar ýüzünden» diýen aýdymy, Keýik Artykowanyň «Gözleriň» aýdymy ýaňlandy. Döredijilik duşuşygyň dowamynda myhmana Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlar gyzykly soraglar berdiler we özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar.