SEPGITDE SAGDYN BOLUŇ!
Güýz paslynyň gelmegi bilen ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şu aşakdaky düzgünleri berk berjaý etmek zerurdyr.
1. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.
2. Her bir adam daşary çykanda burnunyň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy endik edinmeli.
3. Pasla görä geýinmeli we witamin С — askorbin turşusyna baý önümleri (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini, alma we pyrtykal şirelerini, kelem, käşir, sogan, sarymsak we beýleki gök-bakja önümlerini) peýdalanmaly.
4. Wagtal-wagtal penjiräni ýa-da gapyny açyp, iş we öý otaglaryny ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda durmaly däl, çagalaryň durmagyna hem ýol bermeli däl. Otaglarda zyýansyzlandyryjy serişdeleri rejeli ulanyp, çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli. Iş ýeriňizde we öýüňizde yzygiderli ulanýan zatlaryňyzyň üstlerini arassalamaly we zyýansyzlandyrmaly.
5. Howanyň üýtgemegi bilen, möwsümleýin döräp biläýjek keselleriň öňüni almak üçin gyzyl burç goşulan unaşy içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, efir ýaglary, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
6. Ýiti respirator ýokanç keselleriň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman öýde galmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.
7. Asgyrylanda, üsgürilende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly.
8. Ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Agyz-burun örtügini kesgitlenen ýerlerde dogry we doly dakynmaly. Bir gezeklik agyz-burun örtügini her 2 sagatdan çalyşmaly. Elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen gowy ýuwmaly, howpsuz aralygy saklamaly.
9. Derman serişdelerini özbaşdak, lukman bilen maslahatlaşman kabul etmeli däl, esasan hem bu antibakterial serişdelere degişli. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.
10. Arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy içmeli.
11. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin itburun, çopantelpek, buýanyň köki, narpyz, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýy içmegi endik edinmeli.
12. Her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, möwsümleýin kesellere garşy sanjymlary hökman almaly.