TÜRKMENISTANY ÖSDÜRMEGIŇ GIŇ MÖÇBERLI MAKSATNAMALARYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ WEZIPELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY


TÜRKMENISTANY ÖSDÜRMEGIŇ GIŇ MÖÇBERLI MAKSATNAMALARYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ WEZIPELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY



15-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesiniň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.