Daşary ýurtly myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler


Daşary ýurtly myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 14-15-nji oktýabry aralygynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Bu kinofestiwala dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan gelen kino ussatlary, režissýorlar gatnaşdylar.

Halkara festiwalyň dowam edýän günleri myhmanlar Aşgabat we Arkadag şäherlerine gezelenç edip, bu şäherleriň özboluşly gözelligi bilen tanyş boldular. Myhmanlar gezelenjiň dowamynda ýörite meýilnama esasynda Türkmen halysynyň milli muzeýine hem baryp gördüler. Myhmanlar bu ýerdäki halylar, olaryň dokalyş aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar.

Türkmen halysynyň milli muzeýiniň hünärmenleri myhmanlara türkmen halylaryna ýerleşdirilýän nagyşlaryň her biriniň özboluşly mana eýedigini, şol sanda her nagşyň döreýiş taryhynyň bardygyny gürrüň berdiler. Halyçy hünärmenler türkmen gelin-gyzlarynyň on barmagynyň hünäri bolan nepis türkmen halylaryna bütin dünýäde uly isleg bildirilýändigini hem buýsanç bilen bellediler.