Dekabr aýynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň jemi jemlener


Dekabr aýynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň jemi jemlener



Ozal habar berşimiz ýaly, 24-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi.

TDH-niň habar berşi ýaly, dekabr aýynda köp sanly esasy medeni çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň hem jemleri jemleniler.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Karary esasynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik yglan edildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugyna bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerini Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýragy we altyn zynjyry bilen sylaglamak, pul baýragyny Türkmenistanyň Prezidentiniň haýyr-sahawat gaznasyndan bermek bellenildi.

Bäsleşik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň kalbynda dana şahyryň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly milli ýol-ýörelgelere söýgi döretmek, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek maksady bilen yglan edildi.