«Halypa şägirt duşuşygy»
Türkmenistanyň Medeniýet Ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Halypa şägirt duşuşygy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa halypa suratkeşler Işanguly Işangulyýew, Merdan Nurmedow, Nurmämmet Nurmämmedow we Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary gatnaşdy.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýaş zehinli okuwçylary ýüze çykarmak maksady bilen Halypa suratkeşler bilen ýaşajyk suratkeşleriň arasynda döredijilik duşuşygynda halypa suratkeşler öz döredijilik ýoly, dogrusynda gyzykly täsir ediji gürrüňleri berdiler. Okuwçylar hem özlerini gyzyklandyrýan sungat barada soraglary bilen halypalara ýüzlendiler. Halypa suratkeşler ýaş nesle Parahat Watanymyzy ýurdumyzyň tebigatymyzyň gözelligini, milli mirasymyzy wasp edýän eserleri döretmegi maksat edinmegi ündediler. Duşuşyk täsirli geçdi, ýaşajyk suratkeşleriň indiki çekjek suratlarynda halypalaryň sungat barada sözlän sözleri has hem kämilleşmäge uly itergi berer.