TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY MASLAHAT GEÇIRDI
11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Ge¬ňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.