Gymmatly eser
15-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 12-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň işgärleri gatnaşyp, milli Liderimiziň täze kitaby hakynda söhbet etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň bu ylmy-ensiklopedik işiniň şu ýylyň 10-njy oktýabrynda — Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde elimize gowuşmagy aýratyn bellärliklidir.
Lukman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildinde ýurdumyzyň şypaly topragynda ösýän ösümlikleriň 120-sini teswirläp, olaryň saglyga peýdaly taraplaryny, olardan melhem taýýarlanylyş, ulanylyş düzgünlerini jikme-jik beýan edýär. Kitapdaky maglumatlaryň sada, düşnükli dilde teswirlenmegi onuň diňe bir lukmançylyk ulgamynda zähmet çekýänler üçin däl-de, eýsem, giň okyjylar köpçüligine niýetlenendigini görkezýär. Dabarada çykyş edenler eserdäki maglumatlaryň ylmy dilde, takyk beýan edilendigini nygtadylar.
Dabarada hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagy arzuw edildi.