Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň gurluşy tassyklandy


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň gurluşy tassyklandy



Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň gurluşy, şeýle hem akademiýa okuwa kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 17-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin ýokary taýýarlykly ýolbaşçylary, gullukçylary, döwlete degişli bolmadyk kärhanalar, guramalar üçin hünärmenleri talabalaýyk taýýarlamak maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna, Adalat ministrligi bilen bilelikde, Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.