«Hatyra güni»


«Hatyra güni»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde «Hatyra güni» mynasybetli 1948-nji ýylyň şol pajygaly gününiň arhiwden foto suratlarynyň sergisi gurnaldy hem-de mekdebiň baýry nakgaş mugallym L.P.Ulakina okuwçylaryň arasynda şol pajygaly ýagdaýy ýatlap gürüň berdi. Hakyda milletimiziň ýaşaýşynyň aýrylmaz ruhy bölegidir. Ol nesilleri birikdirýän berk ýörelge bolmak bilen diňe bir gözbaşlarymyzy we däp-dessurlarymyzy gorap saklamak däl, eýsem, taryhy tejribäniň esasynda milletiň täze ykbalyny, ýagty geljegine gurmaga mümkinçilik berýär. Hatyra güni milleti birleşdirýär we jebisleşdirýär. Ruhy sagdynlygyny, ahlak kämilligini üpjün etmek, milli mirasymyza hormat goýmak, milli däp – dessurlary mynasyp dowam etmek biziň baş maksadymyzdyr. Türkmenleriň ynsanperwerlik, jebislik, sahawatlylyk, asylly işleri ygrarlylyk, ýaşululara hormat goýmak ýaly ajaýyp häsiýetli we binýatlaýyn ýaşaýyş ýörelgeleri durmuşymyza berk kök urdy.

Türkmen topragynda hemişelik parahatçylyk, asudalyk ömür sürsin. Hormatly Przezidentimiziň jany sag ömri uzak bolsun!