Çynar Rustemowa Parižde geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýalaryň 10-njy sebitara ýygnagyna gatnaşdy


Çynar Rustemowa Parižde geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýalaryň 10-njy sebitara ýygnagyna gatnaşdy



6-njy noýabrda ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda bu guramanyň işleri boýunça Milli komissiýalaryň 10-njy sebitara ýygnagy geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa wekilçilik etdi.

ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji sessiýasynyň çäginde geçirilen ýygnaga bu halkara guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary, ÝUNESKO-nyň degişli bölümleriniň ýolbaşçylary, ÝUNESKO işleri boýunça Milli komissiýalaryň jogapkär sekretarlarynyň derejesindäki wekiller gatnaşdylar.

Bu ýerde ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylary, onuň sebit guramalarynyň wekilleri we beýlekiler çykyş etdiler.

Ýygnakda hasabatlary gözden geçirmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn başlangyçlary seljermek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, sebit gurluşlary bilen ÝUNESKO-nyň Milli komissiýalarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň tejribesini gowulandyrmak meselelerine seredildi.

Bu sebitara ýygnak halkara guramasynyň ÝUNESKO işleri boýunça Milli komissiýalarynyň 2022 — 2029-njy ýyllar üçin dowam edýän Orta möhletli strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine berk ygrarlydygyny görkezdi. Munuň özi guramanyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde we strategiki özgertmelerde Milli komissiýalaryň orny barada pikir alyşmak üçin ajaýyp platforma boldy.