Bagtyýar ýurdumyza - Nowruz geldi, ýaz geldi


Bagtyýar ýurdumyza - Nowruz geldi, ýaz geldi



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk etrabyndaky 7-nji çaglar sungat mekdebi «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Milli bahar baýramyna bagyşlap «Bagtyýar ýurdumyza- Nowruz geldi, ýaz geldi» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Milli bahar baýramy ýaşaýyşyň, döredijiligiň, durmuşyň gözelliginiň hem-de şatlygynyň, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň asylly ýörelgelerine milli däp-dessurlarymyza ygrarlylygynyň alamatydyr. Ýagşy däplerden ugur alýan halkymyz bu baýramy uly şatlyk, begenç bilen garşylaýar. Milli bahar baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne aýratyn bezeg, milli öwüşgin berýän aýratyn ajaýyp baýramçylykdyr. Bu baýramçylyk çärede ýürekleri aýdym-sazdan doly bolan zehinli çagajyklar birnäçe eserleri ýerine ýetirdiler.
Dabarada «Owaz» skripkaçylar topary, «Mukam» dutarçylar topary, «Rowaç» deprekçiler topary, «Şowhun» hor topary «Bagtyýarlyk» aýdym-saz topary we mekdebiň zehinli aýdymçylary öz ajaýyp aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň her bir güni şatlyk-şowhuna, toý-baýrama beslenýär. Şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.