“Türkmen alabaýy – ynamyň we wepalylygyň nyşany” atly sergi


“Türkmen alabaýy – ynamyň we wepalylygyň nyşany” atly sergi



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen halkynyň milli, taryhyny hem-de medeni mirasyny gorap saklamak, dünýäde giňden wagyz etmek babatda durmuşa geçirilýän işler döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmen alabaýynyň dünýädaki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda paýtagtymyzda Halkara “Türkmen alabaýy ” atly assosiýasiýasy döredildi. Bu assosiýasiýanyň esasy maksady türkmen alabaýlaryny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de halkara dünýä ylmynyň häzirki gazananlaryny peýdalanmak esasynda milli däplerini dowam etdirmekden ybaratdyr. Munuň özi wepadarlygyň,batyrlygyň hem-de edermenligiň nusgasy bolan türkmen alabaýyna goýulýan hormat-sarpanyň mizemezligidir.

Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda “Türkmen alabaýynyň” baýramyny bellemek hakyndaky permana gol çekdi. Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde uly dabaraly ýagdaýda bellenilip geçmek hakynda karar edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy bolan ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamynda ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle hem milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmäge hödürlemek boýunça birnäçe degişli işler geçirilýär. Häzirki wagtda bu sanawa “Türkmen alabaý itini terbiýelemegiň milli tejribesini ” girizmek boýunça degişli guramaçylyk işleri amala aşyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklarymyzyň hatarynda duran alabaý itini terbiýelemegiň milli tejribesini giňden wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde geçirilen «Türkmen alabaýy – ynamyň we wepalylygyň nyşany» atly Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde fotosergi geçirildi.

Fotoserginiň açylyş dabarasynda çykyş edenler türkmen alabaýynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada, owadanlygy, mukaddesligi, gaýratlylygy, hüşgärligi barada aýtdylar. Serginiň dowamynda türkmen alabaý itiň foto eserleri görkezildi. Aýratyn tapawutlanan foto eserler Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde taýýarlanan diplomlar gowşuryldy.

Nurmyrat NURYÝEW.