Bagtyýar Biz, Arkadagly Bitarap Diýarda


Bagtyýar Biz, Arkadagly Bitarap Diýarda



Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Diýarymyz türkmen zenanyna hormat goýmagyň, onuň mertebesini ýokary götermegiň, sarpasyny belentde tutmagyň nusgalyk ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzy gülläp ösüşler ýurduna öwren Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen döwletimizde zenanlaryň syýasy, durmuş, ykdysady we medeni ugurlarda hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek babatynda alnyp barylýan işleriň zenanlaryň bähbitlerine ygtybarly hyzmat edýändigine, jemgyýetiň ilkinji, başlangyç esasy bolan maşgalanyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak meselesini çözmeklige, eneligi we çagalygy goramaklyga gönükdirilendigine biz doly we aýdyň göz ýetirýäris.

Ata Watanymyz Türkmenistanda güle deňelýän zenanlarymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi, okamagy, işlemegi, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. 8-nji mart Halkara zenanlar güni bolsa ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormatyň bimöçberdigini aňladýan baýram hökmünde her ýyl uly dabara bilen bellenilýär.

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli maslahatlar, dabaralar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda «Bagtyýar biz, Arkadagly Bitarap Diýarda» ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasy hem 8-nji mart Halkara zenanlar gününe bagyşlanyldy. Dabara medeniýet-sungat ussatlary, döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Bu aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar ýurdumyzy zenana hormat goýmagyň nusgalyk ýurduna öwren Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýtdylar. Eziz Arkadaygymyza jan saglyk, türkmen halkynyň rowan ertelerine alyp barýan beýik maksatnamalaryna baky rowaçlyk arzuw etdiler.