TÜRKMEN-HINDI DOSTLUGYNA BAGYŞLANAN KONSERT


TÜRKMEN-HINDI DOSTLUGYNA BAGYŞLANAN KONSERT



«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» döwründe Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlarda belent zähmet sepgitlerine ýetilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli ýokarlanýar, mähriban Watanymyzyň syýasy, ykdysady kuwwatyny has-da artýar, jemgyýetiň agzybirligini has-da pugtalanýar.
Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan bilen dünýä halklarynyň dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine giň ýollar açylýar. Milli medeniýetimiz we köpöwüşginli sungatymyz ähli döwürlerde bolşy ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» döwründe hem halklary dostlaşdyrmagy-doganlaşdyrmagy dowam edýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 3-nji aprelinde Hindistan döwletiniň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynyň hormatyna artistleriň hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli drama teatrynda geçirilen dabaraly konsert we milli el işleriniň sergisi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» döwründe ýokary derejede geçirilýän halkara medeni çäreleri doganlyk halklaryň özara medeni gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, olaryň baý mirasynyň çuňňur öwrenilmegine, şeýle hem dünýäde parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna özboluşly goşant goşýar. Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimizde dünýä döwletleri bilen ysnyşykly medeni gatnaşyklary giňden ýola goýulýar. Munuň şeýledigine biz Hindistan Respublikasy bilen alnyp barylýan medeni gatnaşyklarda hem doly göz ýetirýäris.
Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda diňe bir ykdysady ulgamda däl, eýsem medeni-ynsanperwer, habar beriş ulgamlarynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam edýär. Hindistan Respublikasynyň belli aýdym-saz we folklor toparlary, döredijilik işgärleri ýurdumyzda geçirilýän halkara çärelerine yzygiderli gatnaşýarlar. Bu günki guralan konsert bolsa, hindistanly ýokary derejeli myhmanlara türkmen topragynda hindi sungatyna uly hormat goýulýandygyny subut etdi. Konsertiň dowamynda türkmen we hindi sungatynyň ajaýyp aýdym-sazlary, tanslary ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň belli artistleriniň gatnaşmagynda goýlan edebi çeper çykyşda türkmen-hindi dost-doganlygy belentden wasp edildi. Gadymy döwürlerden bäri ýakyn we dostlukly gatnaşyklary saklap gelen türkmen we hindi halklarynyň dost-doganlygynyň hormatyna geçirilen bu halkara medeni çäresi türkmen-hindi halklarynyň medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Konserte we sergä gatnaşyjylar şeýle halkara ähmiýetli medeni çäräniň üstünlikli geçirilmegine döredip beren mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlary aýdyp, alyp barýan giň gerimli işleriniň rowaç, janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň hemişe belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

Agamyrat BALTAÝEW.