TÜRKMEN HALYSYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI B.NURALY ADYNDAKY ÇAGALAR ÇEPERÇILIK MEKDEBINDE GEÇIRILEN SERGI DABARASY


TÜRKMEN HALYSYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI B.NURALY ADYNDAKY ÇAGALAR ÇEPERÇILIK MEKDEBINDE GEÇIRILEN SERGI DABARASY



B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň haly bölüminde okaýan okuwçylaryň türkmen halysynyň baýramy mynasybetli gurnan sergisi we onuň çäginde eden çykyşlary dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu duşuşykda mekdebiň mugallymlarynyň hem-de okuwçylarynyň halypa suratkeşler, ene-atalary bilen türkmen halysy dogrusynda alyp baran söhbetdeşlikleri örän täsirli geçdi. Sergide haly bölüminiň okuwçylarynyň 3-nji hem-de 4-nji çärýegiň dowamynda “Ussatlyk tejribeligi” sapagynda ýerine ýetirilen “Garagum” atly gobelen eseri, şeýle-de çeken kompozisiýalary görkezildi. Mekdepde gobeleni toparlaýyn dokatmak bilen okuwçylara dokmaçylygyň öýdüme, çitim, göwrümli usul ýaly dürli tehnikasyny öwredilmäge, mundan daşary çagalaryň ussatlyk tejribeleriniň artdyrylmagyna badalga berlip, eseriň many-mazmuny, şekil teswiri, obraz çözgüdi dogrusynda pikirleriniň ösmegine uly ýardam edýär.