Hormatly Prezidentimiz teleradioýaýlymlarda şowhunly gepleşikleri taýýarlamagy tabşyrdy


Hormatly Prezidentimiz teleradioýaýlymlarda şowhunly gepleşikleri taýýarlamagy tabşyrdy



Ozal habar berşimiz ýaly, 5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýurdumyzda köp sanly döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, brifingler, mediaforumlar, sergiler, wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly medeni çäreler geçirildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler geçirildi, döredijilik bäsleşikleri yglan edildi, dokumental film surata düşürildi. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda boldular we halkara medeni forumlara, festiwallara we beýleki çärelere gatnaşdylar.

Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri jemlenildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda birnäçe çäreler guraldy. Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşan wekiliýet agzalary üçin dürli medeni hyzmatlar ýerine ýetirildi, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ildeşlerimize sylaglary gowşurmak dabarasy, «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara mediaforum, Döwlet münberi toplumynyň öňünde dabaraly ýöriş, şeýle hem baýramçylyk konserti geçirildi.

Döwlet maksatnamalaryndan we konsepsiýalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirildi. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyşy bilen bagly dabaralar giňden beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, teleradioýaýlymlarda tomaşaçylary gyzyklandyrýan täze programmalary hem-de şowhunly gepleşikleri köpräk taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. Ýurdumyzdaky döwrebap medeniýet merkezlerinde we teatrlarda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän eserleriň sanyny artdyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.