GAÝNAN SUW- JANA DERMAN
Günüň mazaly gyzýan wagty çagalar we adamlar ýygy-ýygydan suwsaýarlar, yssylaýarlar. Çagalar daşarda ýada oba ýerinde oýnap-güýmenip ýören wagty, dürli sport gurnaklaryna gidenlerinde, olara duş gelen ýerlerinden suw içmek maslahat berilmeýär. Howanyň yssylygy sebäpli, adam bedeni suwy köp ýitirýär we ýitirilen suwuň öwezini dolmak üçin, bedeniň suwa bolan talaby ýokarlanýar. Arassa agyz suwy ýa-da gaýnan suw bedeniň talabyna laýyk kabul edilende, immun işjeňligi ýokarlanyp, howa klimat şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Bedene suw ýeterlik kabul edilende, çyglylyk derejesi saklanýar we bedeni guraklykdan goraýar.
Suw içmekligiň kada-düzgünleri doly we dogry berjaý edilende, suw bedende doly siňýär we bedendäki biologik hadysalaryň üznüksiz işlemegini üpjün edýär. Adam bedeni yzygiderlikde suw kabul etmese, suwsuzlykdan beden tapdan düşüp başlaýar. Günüň dowamynda 2,5 — 3 litre golaý suwuklygy, ýagny miwe şiresini, gaýnatmalaryny, çaý, arassa agyz suwuny, gaýnadylan suwy, limon garylan arassa agyz suwuny ýa-da itburundan taýýarlanan melhemleri içmek maslahat berilýär, ýagny bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykyp, öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanyp, ganyň goýalmagyna getirýär. Şol sebäpli hem beden agzalarynyň işi bozulyp, dürli keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Bedeniň öte derlemegi, bedendäki suw deňagramlygynyň bozulmagy netijesinde, ganyň lagtalanmagyna hem-de ýürek-gan damar ulgamynyň işiniň bozulmagyna getirýär. Netijede, insult, infarkt keselleriniň ýüze çykmagy mümkin.
Esasan hem, ýaş çagalara açyk howdanlardan, ýaplardan, derýadan, kölden, çeşmelerden suw içmegiň saglyk üçin howpludygyny düşündirmeli. Çagalara suwuň diňe öýden, ol hem gaýnadylan suw bolmalydygyny berk tabşyrmaly. Içgeçme ýaly howply ýokanç keselleriň köpüsi hapa suwlaryň üsti bilen geçýär. Içilýän suwlaryň arassalygy we hili barada ýatlasak, onda gaýnadylan suwuň adam saglygyna peýdalylygyny aýratyn bellemek gerek. Gaýnadylan suw dürli ýokanç keselleriň, esasan hem, içege ýokanç keselleriniň öňüni almaga ýardam berýär. Diňe arassa agyz suwy ýa-da gaýnadylan suwy içmeli. Gaýnadylan suw adamyň suwsuzlygyny gandyrýar, işjeňligini ýokarlandyrýar hem-de kesellere garşy göreşijilik ukybyny pugtalandyrýar. Arassa agyz suwuny ýa-da gaýnan suwy içirmek bilen, biz çagalarymyzy we maşgala agzalarymyzy dürli ýokançlardan goraýarys. Bu düzgünleri berk berjaý etmegi her birimiz gazanmalydyrys.
Abadan Berdiýewa