Döwlet Baştutanymyz diplomatik düzümiň duaýýeni bilen wideoduşuşyk geçirdi


Döwlet Baştutanymyz diplomatik düzümiň duaýýeni bilen wideoduşuşyk geçirdi



29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen duşuşyk geçirdi. Onlaýn duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem gatnaşdy.