Azerbaýjanda «Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy


Azerbaýjanda «Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy



Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 17-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň we Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata ýurdumyzdan hem wekiliýet gatnaşdy.

Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň binasynda geçirilen maslahatda, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Isa Habibeýli we Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow giriş sözi bilen çykyş etdiler. Soňra Türkmenistanyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň surata düşüren «Hakyň guly — Magtymguly» atly dokumental filminiň görkezilmegi çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Azerbaýjanly magtymgulyşynaslar, ylmy işgärler, edebiýatçydyr dilçiler bilen taýýarlanan söhbetli görnüşlerden ybarat filmde beýik türkmen şahyrynyň pelsepewi, sopuçylyk garaýyşlary, olaryň adamzat durmuşyndaky orny barada giňden durlup geçilýär.

Halkara ylmy maslahatyň çäklerinde azerbaýjan dilinde neşir edilen «Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy. Ramiz Askeriň terjimesi esasynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen bu kitap ylmy maslahata gatnaşanlara sowgat berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 22-nji noýabryndaky sanynda habar berilýär.