LUKMAN MASLAHAT BERÝÄR


LUKMAN MASLAHAT BERÝÄR



Agyz-burun örtükleri howadaky zyýanly tozan bölejikleriniň bedene aralaşmagynyň öňüni alýar we daş-töwerekdäkilere keselleriň ýokuşma howpuny azaldýar.
Daş-töweregindäkilere keseli ýokuşdyrmazlyk we öz wagtynda bejergi almak üçin näsag keseliň ilkinji alamatlaryndan başlap, öýde bolmaly we lukmana ýüz tutmaly. Näsagyň köpçülik ýerlerine barmaklygyny çäklendirmeli. Keseliň kesgidi we bejergisi diňe lukman tarapyndan bellenip bilner.
Ýaşaýyş we iş otaglaryny wagtal-wagtal ýelejiretmeli, otagda ýörite niýetlenen zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen çygly arassaçylyk işlerini yzygiderli geçirmeli. Saglygyň sakasynda arassaçylygyň durýandygy hemmelere mälimdir. Hut, şonuň üçin, şahsy tämizligi doly hem dogry berjaý etmeli. Ertirki maşklar, ylgaw, pyýada ýöremek ýaly sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Gowy ukyňy almaly hem-de bedenterbiýe we sport bilen taplanmaly. Her bir adam pasla görä geýinmeli.