“AÇYK GAPYLAR” SYÝASATYNDAN UGUR ALYP


“AÇYK GAPYLAR” SYÝASATYNDAN UGUR ALYP



12-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumyna hem-de zenanlaryň dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy.
***
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Parlament Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew bilen şu gün geçiren duşuşygynyň barşynda, iki dostlukly halkyň gadymdan gelýän taryhy, medeni hem-de ruhy umumylygyna esaslanýan türkmengazak döwletara we parlamentara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berildi.
***
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytowyň arasynda bolan duşuşykda iki dostlukly döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mümkinçiligini artdyrmagyň meselelerine garaldy.
***
Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşygy boldy.
***
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşan, Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular geňeşiniň Başlygy Eldar Allahýar ogly Guliýew bilen duşuşdy.