Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy



6-njy oktýabrda Türkmenistanyň halky 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlaryň ýüzlerçe müňüsini hasrat bilen hatyralaýar. Hatyra çäresine, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Türkmen halkynyň taryhynda iň pajygaly wakalaryň birinden – Aşgabat ýertitremesinden 70 ýyldan hem gowrak wagt geçdi. Bu waka baradaky ýatlamalar häzire çenli her bir türkmenistanlynyň ýüreginde agyr ýara bolmagynda galýar. Ol uly ýitgileriň öwezini dolup bolmajakdygy baradaky ýatlamalary bilen çuňňur oýlanmaga mejbur edýär.
1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde, elhenç tebigy betbagtçylyk bir pursadyň özünde owadan, gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, her bir maşgala diýen ýaly öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi.
Diri galanlar edermenlik, durnuklylyk, gaýduwsyzlyk görkezdiler. Weýran bolan şäher tebigy betbagtçylygyň öňünde dyza çökmedik adamlaryň gujur-gaýraty bilen ýaşamagyny dowam etdi. Adatdan daşary şertlerde – tüm garaňkylykda diri galanlar weýran bolan jaýlaryň aşagyndan hossarlaryny, ýakynlaryny, goňşularyny halas etmäge girişdiler. Umumy heläkçilik adamlary jebisleşdirdi. Olary ruhy taýdan birleşdirdi...

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada saklanýar. Bu ýerde hormat garawuly nyzama düzülipdir.
...Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýer titremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy tagzym» ýadygärligine tarap ugraýar. Şu pursat pajygaly gije 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe – ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan atasy Berdimuhamet Annaýewi ýitiren döwlet Baştutanymyzyň hasratyny tüýs ýürekden paýlaşýanlaryň ählisini hakyky duýgudaşlyk duýgusy gurşap aldy.
...Milli Liderimiz Watanymyzyň edermen ogullarynyň öçmejek halk hakydasynyň nyşanyna öwrülen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärlikleriniň etegine gül çemenini goýdy.

*** Hormatly Prezidentimiz ýolugra paýtagtymyzy has-da ösdürmek, abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, bu baradaky meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Türkmenistanlylar üçin dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesinde ýaşamaga ähli oňaýly şertleri döretmek milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.