Gorag örtükleri goraýjydyr


Gorag örtükleri goraýjydyr



- Örtükler asgyrmak, üsgürmek we howa-damja arkaly geçip bilýän ýokançlaryň öňüni almak üçin niýetlenendir.
- Gaýtadan ulanylýan örtügi dine täzeden işlenilenden soňra ýene-de ulanyp bolýandygyny ýatdan çykarmaly däl. Ol öý şertlerinde sabyn ýa-da ýuwujy serişde bilen ýuwulmalydyr, bug pürküji ütük bilen ütüklenilmelidir. Gaýtadan işlenenden soňra, örtük çyg bolmaly däldir, şonuň üçin ahyrynda bug pürkmezden gyzgyn ütük bilen ütüklemelidir.
- Örtükleriň ulanyş we öňüni alyş usullary, ýagny, galtaşmazlyk, ýygy- ýygydan el ýuwmak bilen utgaşykly alnyp barylsa peýdalydyr we olary ulanmagyň zerurlygy dürli toparlarda we ýagdaýlarda tapawutlanýar.
- Adamlar köpçülik ýerlerinde, jemgyýetçilik ulaglarynda örtügi hökman ulanmalydyr. Şeýle hem örtügi lukmançylyk kömegini berýän we näsaglara seredýän adamlar geýmelidirler.
- Iki-üç sagat ulanylandan soň, örtügi çalşyp durmaly. Dokalan däl serişdeden bir gezek ulanmak üçin niýetlenen lukmançylyk örtükleri gaýtadan ulanylmaly ýa-da gaýtadan işlenilmeli däldir. Öý şertlerinde bir gezek ulanylýan lukmançylyk örtügini aýratyn ýerde, agzy berk ýapylýan gapda goýmaly we dine zir-zibil gutusyna taşlamaly.