OGULABAT EJÄNIŇ DÖREDEN TÄSIN AMALY-HAŞAM SUNGATYNYŇ NUSGALARY DÖWLET MUZEÝINE SOWGAT BERILDI


OGULABAT EJÄNIŇ DÖREDEN TÄSIN AMALY-HAŞAM SUNGATYNYŇ NUSGALARY DÖWLET MUZEÝINE SOWGAT BERILDI



Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Milli keşdeçilik sungaty, has takygy, türkmen zenanlarynyň el hünäri milli medeni gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegidir.

Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelip, Ogulabat ejäniň taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny hem-de alaja taýýarlamakda ulanylýan iş guralyny muzeýe gowşurdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Türkmen halkynyň eli çeper zenanlarynyň, şol sanda öz boluşly görelde mekdebini döreden Ogulabat ejäniň elinden çykan milli gymmatlyklar häzirki döwürde dünýäde giňden meşhurdyr. Aýratynda, türkmen zenanlarynyň döreden keşdeçilik we haly sungatynyň, el hünäriniň ýaşlaryň arasynda giň meşhurlyga eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär. Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu nepis sungatyň ägirt uly ähmiýete eýediginiň subutnamasydyr. Milli gymmatlyklary Döwlet muzeýine gowşurandygy üçin muzeý işgärleriniň we ähli türkmen gelin-gyzlarynyň adyndan Ogulgerek Berdimuhamedowa hoşallyk sözleri aýdyldy.