Şugundyryň peýdasy


Şugundyryň peýdasy



Gün nuruny bolluk bilen eçilensoň, sahawatly topragymyzda bitýän gök we bakja önümleriniň hatarynda şugundyryň adamyň saglygy üçin peýdasy köpdür. ◊ Şugundyryň düzüminde köp mukdarda demir, şeýle hem de¬ňagramly derejede kalsiý we natriý bar. Onuň düzüminde B topara degişli ýokumlar-da köpdür. Ýokumlaryň hut şol topary dyrnaklaryň, saçyň berk we deriniň sagdyn bolmagyna, nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär. ◊ Şugundyr düzüminde saklanýan sinkiň we ýoduň mukdary boýunça gök önümleriň arasynda öň¬däki orunda durýar. ◊ Şugundyr böwregiň, bagryň, gan-damar ulgamynyň arassalanmagyna kömek edýär, şeýle hem gan-damarlarynyň diwarjyklaryny berkidýär. Bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, ganaýlanyşyny gowulandyrýar. ◊ Düzüminde bar bolan ýokumlar ganazlygy bejermäge ýardam edýär. Ol içgatamada diýseň peýdaly bolup, içegede näsazlyklar ýüze çykanda hem giň-den peýdalanylýar. ◊ Gan basyşyny kadalaşdyrýar. ◊ Önümiň düzüminde kaloriýanyň az bolmagy ony berhizde hem ulanmaga mümkinçilik berýär. Şugundyry buglap iýmek has-da peýdalydyr.