Altynsow bugdaýly meýdanlar — Watanymyzyň rowaçlygynyň ajaýyp nyşany


Altynsow bugdaýly meýdanlar — Watanymyzyň rowaçlygynyň ajaýyp nyşany
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary



22-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ahal welaýatynda boldy. Döwlet Baştutanymyz saparynyň çäklerinde welaýatdaky täze senagat toplumlarynyň gurluşyk işleriniň barşy we sebitiň ekerancylyk meýdanlarynda, şeýle hem «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Galla önümleri önümçilik toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Ir bilen milli Liderimiz dikuçarda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz eksport ugurly önümleriň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina edilýän täze döwrebap senagat toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçarda Kaka etrabynda gurluşygy alnyp barylýan täze senagat toplumynyň işlerini synlady. Bu toplumyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň mart aýynda badalga berildi. Toplumy 2021-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçarda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyk işlerini synlady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagda «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Galla önümleri önümçilik toplumyna geldi. Döwlet Baştutanymyzy bu ýerde Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ahal welaýatynyň häkimi garşyladylar. Milli Liderimiz şu günler oba hojalyk pudagynyň iň möhüm möwsümleriniň biri bolan orak döwründe bu ýerde ýaýbaňlandyrylan işler bilen tanyşdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde iş maslahatyny geçirip, onda ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyran iş saparlarynyň netijelerini jemledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparlarynyň netijelerini umumylaşdyryp, ýurdumyzyň welaýatlaryna bolan iş saparynyň netijeleriniň daýhanlarymyzyň alyp barýan işleriniň talabalaýyk derejededigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.