Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi


Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi



13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir möhüm desgasynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk täze ýokanç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bu sebitiň täze dolandyryş merkezini döretmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli taslamanyň çäklerinde bina edilen döwrebap bejeriş edarasynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň golaýlaşyp gelýän şanly 25 ýyllygyna gabatlanyp açylýan binalar tapgyrynyň üstüni ýetirdi. Bu şanly waka milli Liderimiziň türkmen halkynyň saglygyny goramaga berýän içgin ünsüniň aýdyň subutnamasydyr, halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir we şeýle bolmagynda galýar.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda açylan 200 orunlyk täze ýokanç keselleri hassahanasy Bitaraplygyň şanly senesine gabatlanyp ulanmaga berilýän durmuş maksatly möhüm desgalaryň üstüni ýetirdi.
Şeýle lukmançylyk edarasynyň peýda bolmagy milli Liderimiziň halkymyzyň saglygy baradaky hakyky atalyk aladasynyň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokanç keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, bu keselleri anyklamaga hem-de öz wagtynda işjeň bejermäge berilýän ägirt uly ünsüň aýdyň subutnamasydyr.
... Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat ýokanç keseller hassahanasynyň ýanyna geldi, bu desganyň gurluşygyna mundan laýyk iki ýyl ozal – 2018-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berildi.
Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, parlamentiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Ahal welaýatynyň häkimi hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri ýygnandylar.

Hemmeler döwlet Baştutanymyzy ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Döredijilik, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary baýramçylyga öwüşgin çaýdy.
Dabara gatnaşyjylaryň joşgunly elçarpyşmalary bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesýär hem-de binanyň içine girýär we bu ýerde näsaglar we lukmanlaryň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler bilen içgin tanyşmaga girişýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşlygy tamamlap, Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirilýän maslahatlar zalyna barýar.
Mejlisde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça wajyp wezipelere garaldy, bu ulgamy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi hem-de beýleki meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz şeýle ajaýyp lukmançylyk edarasynyň ulanylmaga berilmegi bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, ynsan saglygyny goramak ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ýygnananlaryň ünsüni çekdi.
Milli Liderimiz ýakyn wagtda şular ýaly birnäçe döwrebap lukmançylyk edarasyny gurmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, ýurdumyzyň Hökümetiniň agzalaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz Araly halas etmegiň möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny belledi.

Ekologiýa fiziologiýasy keselleriň öňüni almakda lukmançylygyň binýatlyk esasy bolup durýar, tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň umumy sazlaşygyny döredýär. Şeýle hem hassahanada Aralyň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirlerini öwrenmek boýunça işler geçiriler. Bu ugurlar boýunça okuwlar we ylmy barlaglar alnyp barlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynyň hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça täze Milli maksatnamany taýýarlamak we bu Maksatnamany Daşary işler ministrliginiň Araly halas etmek boýunça alyp barýan işleri bilen utgaşdyrmak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «Saglyk» döwlet maksatnamasyna şu ýyl 25 ýyl dolýar. Bu döwürde Maksatnamany amala aşyrmakda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagatyny
ösdürmekde we ýokary derejelere çykarmakda, bu ugurda halkara gatnaşyklaryny giňeltmekde belent sepgitlere ýetildi.
Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň ahyrynda milli Liderimiz paýtagtymyzda Halkara köpugurly Dikeldiş merkezini gurmak hakynda teklibi goldap hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berip, ýygnananlary we mähriban halkymyzy Garaşsyz döwletimiziň ýetip gelýän hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.