Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi


Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi



5-nji maýda Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.