«Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyň çäklerinde işewürlik ertirligi we akwarium görnüşindäki maslahat geçirildi
Şu gün Mary welaýatynyň Mary şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň çäklerinde işewürlik ertirligi we akwarium görnüşindäki maslahat geçirildi.
«Mary» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen işewür ertirligi «Merkezi Aziýada we Hytaý Halk Respublikasynda ýaşlar syýasatynyň derwaýys meseleleri» diýlip atlandyryldy. Oňa foruma gatnaşyjy daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, bilim, ýaşlar ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Işewürlik ertirliginiň dowamynda ýurdumyzyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dürli ulgamlarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlary çykyş edip, bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar syýasaty meseleleri boýunça mümkinçilikleri birleşdirmäge gönükdirilen halkara ýaşlar forumynyň ähmiýetini nygtadylar, dürli ugurlarda ýaşlar hyzmatdaşlygyny ilerletmegiň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky dialog her bir ýurduň milli bähbitlerini hasaba almak bilen guralýan, ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin netijeli gurallaryň biri hökmünde meşhurlyga eýe boldy. Şoňa görä-de, altytaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak we üstünlikli dowam etdirmek örän möhümdir.
Şeýle hem Mary welaýat kitaphanasynda halkara ýaşlar forumynyň çäklerinde akwarium görnüşindäki maslahat geçirildi. Bu maslahatyň esasy aýratynlygy forumyň çäklerinde geçirilen «Sebitdäki Ýaşlaryň Start-up başlangyçlary: durnukly ösüşiň täze paradigmasy», «Energetika howpsuzlygy: ýaşlaryň bilelikdäki başlangyçlarynyň üsti bilen geljege tarap», «Beýik Ýüpek ýolunyň özgermegi: adam kapitaly bilim ykdysadyýetiniň esasy hökmünde», «Sebitde durnukly suw deňagramlylygyny üpjün etmekde ýaşlaryň innowasiýalarynyň integrasiýasy», «Beýik Ýüpek ýolunyň sanly ýollary: tehnologiýalar we innowasiýalar», «Häzirki zaman ýaşlarynyň arasynda durmuş gymmatlyklaryny emele getirmegiň guraly hökmünde sosial ulgamlar» atly bölümçelerdäki çykyşlary ara alyp maslahatlaşmakdan, olaryň netijelerini jemlemekden ybarat boldy.
Bellenilişi ýaly, bölümçeleriň işinde ýaşlar hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelere, şol sanda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmekde ýaşlaryň ornunyň barha ýokarlanýandygyna üns çekildi. Merkezi Aziýanyň çäginden geçip, Ýewropa uzan bu taryhy ýol möhüm ähmiýete eýe bolan köp sanly medeni we söwda merkezleriniň emele gelmegine hyzmat edip, dünýä medeniýetiniň ösmegine, rowaçlanmagyna şert döredipdir. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýolunyň galkynmagynyň we bu işe jemgyýetiň hereketlendiriji güýji, Ýer ýüzünde bagtyýar geljegi gurmakda ähmiýetli orny bolan ýaşlaryň işjeň gatnaşmagynyň şu gezekki forumyň gün tertibiniň esasy mazmuny hökmünde kesgitlenilmegi tötänden däldir.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň işi üstünlikli dowam edýär.